Luke 23:13-25
13 Pilat ýolbaşçy ruhanylary, baştutanlary we halky üýşürip, 14olara: «Siz bu adamy meniň ýanyma halky azdyrýar diýip getirdiňiz. Men Ony gözüňiziň alnynda soraga çekdim, emma Ol baradaky aýyplamalaryňyz dogry çykmady. 15Ony Hirodyň ýanyna iberdim, ol hem hiç günä tapman, Ony yzyna iberdi. Siziň görşüňiz ýaly, Ol ölüme laýyk hiç zat etmändir. 16Şonuň üçin hem, men Onuň temmisini berip, boşatjak» diýdi. ▼▼Käbir golýazmalarda 17‑nji aýat duş gelýär: Pilat baýramçylyk mynasybetli halka bir adamy boşadyp bermelidi.
17– 18Emma ähli halk biragyzdan: «Bu adamy ýok et! Bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdy. 19Barabbas şäherde ýüze çykan bir gozgalaňa gatnaşandygy we ganhordugy üçin zyndana salnypdy. 20Pilat Isany boşatmak niýeti bilen ýene-de halka ýüzlendi. 21Emma olar: «Ony haça çüýle! Haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. 22Pilat üçünji gezek olara: «Näme üçin? Bu adam näme ýamanlyk etdi? Men Ondan ölüm jezasyna laýyk hiç zat tapmadym. Şonuň üçin hem Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi. 23Emma olar seslerini has gataldyp, hötjetlik bilen Onuň haça çüýlenmegini talap etdiler we olaryň sesi üstün çykdy. 24Şeýlelik bilen, Pilat olaryň talabyny berjaý etmek kararyna geldi. 25Olaryň soran adamyny, gozgalaň turzup, adam öldüreni üçin zyndana salnan adamy boşatdy, Isany bolsa olaryň ygtyýaryna berdi.
Copyright information for
TukLat16