Luke 23:26-43
Isa haça çüýlenýär
(Matta 27:32-44; Mark 15:21-32; Ýohanna 19:17-27)
26Esgerler Isany alyp barýarkalar, ekin meýdanyndan gelýän kirineýli Simuny tutup, arkasyna haçy ýüklediler we Isanyň yzyndan ýöremäge mejbur etdiler. 27Uly bir mähelle Isanyň yzyna düşüp gitdi, olaryň arasynda Onuň üçin zaryn-zaryn aglaýan aýallar hem bardy. 28Isa ol aýallara tarap öwrülip, şeýle diýdi: «Eý, Iýerusalim gyzlary! Meniň üçin aglamaň. Özüňiz we çagalaryňyz üçin aglaň. 29Çünki şeýle bir günler geler, adamlar: „Önelgesiz aýallar, dogurmadyk ýatgylar, çaga emdirmedik göwüsler neneňsi bagtly!“diýerler. 30 aŞonda daglara: „Biziň depämize iniň!“, depelere: „Bizi örtüň!“diýerler. 31Eger adamlar gök daragta şeýle zatlar edýän bolsalar, onda gury daragta näme bolar?» 32Isa bilen başga iki jenaýatçyny hem jezalandyrmak üçin alyp barýardylar. 33Olar Kelleçanak diýilýän ýere gelenlerinden soň, Isany ýaňky jenaýatçylar bilen birlikde haça çüýlediler. Jenaýatçylaryň biri Onuň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady. 34Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar. 35Halk Oňa seredip durdy. Ýolbaşçylar hem Onuň üstünden gülüp: «Ol özgeleri halas etdi. Eger Ol Hudaýyň saýlap-seçen Mesihi bolsa, goý, indi Özüni hem halas etsin-dä!» diýişýärdiler. 36Esgerler hem ýanyna gelip, Ony masgaralaýardylar. Oňa sirke hödür edip: 37«Ýahudylaryň patyşasy bolsaň, Özüňi halas et-dä!» diýýärdiler. 38Onuň depesinde bolsa ▼▼Käbir golýazmalarda grekçe, latynça we ýewreýçe diýen jümle hem bar.
: «BU ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASYDYR» diýen ýazgy bardy. 39Çüýlenen jenaýatçylaryň biri Oňa ýaňsylap: «Sen Mesih dälmi näme? Onda Özüňi-de, bizi-de halas et-dä!» diýdi. 40Ikinji jenaýatçy bolsa muny aýdana käýäp: «Sen Hudaýdan gorkaňokmy? Sen hem Onuň bilen bir jezany çekýärsiň! 41Biz öz etmişimize laýyk adalatly jeza aldyk. Emma bu adam hiç hili erbetlik etmedi ahyry» diýdi. 42Onsoň ol: «Isa, Şalygyňa baran çagyň meni ýatlagyn!» diýdi. 43Isa hem oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu gün Meniň bilen bile jennetde bolarsyň» diýdi.
Copyright information for
TukLat16