Luke 23:44-49
Isanyň ölümi
(Matta 27:45-56; Mark 15:33-41; Ýohanna 19:28-30)
44– 45Wagt günortana golaýlanda, Günüň ýüzi tutuldy, öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy. Ybadathananyň perdesi ortarasyndan ýyrtylyp, ikä bölündi. 46 aIsa gaty ses bilen gygyryp: «Atam! Ruhumy Seniň eliňe tabşyrýaryn» diýdi-de, jan berdi. 47Ýüzbaşy bolan wakany görüp, Hudaýy şöhratlandyrdy. Ol: «Bu, hakykatdan-da, dogry adam eken!» diýdi. 48Bu zatlara tomaşa etmek üçin üýşen ähli halk bolan wakalary görüp, döşlerini ýumruklaý-ýumruklaý yzlaryna gaýtdy. 49Isany tanaýan adamlaryň bary, şeýle-de Jelileden Onuň yzyna düşüp gaýdan aýallar uzagrakda durup, bu wakalara syn edýärdiler.
Copyright information for
TukLat16