Luke 23:50-56
Isa jaýlanýar
(Matta 27:57-61; Mark 15:42-47; Ýohanna 19:38-42)
50 Mejlis agzalaryndan Ýusup atly bir adam bardy. Ol oňat hem dogruçyl adamdy. 51Özi-de mejlisiň kararyna we işine razylyk bermändi. Ýusup Ýahudyýanyň Arimatiýa şäherinden bolup, Hudaýyň Şalygyna garaşýardy. 52Ol Pilatyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi. 53Onsoň Ony aşak düşürip, kepene dolap, gaýada oýulan we henize çenli hiç kimiň jaýlanmadyk mazarynda jaýlady. 54Bu iş Taýýarlyk gününiň ahyrynda bolup, Sabat gününiň başlanmagyna golaýdy. 55Isa bilen Jelileden gelen aýallar hem Ýusubyň yzyna düşüp gitdiler-de, mazary we Onuň jesediniň nähili jaýlananyny gördüler. 56Onsoň olar öýlerine gaýdyp, ýakymly ysly tütetgiler we atyrlar taýýarladylar. Emma Hudaýyň buýrugy boýunça Sabat güni olar dynç aldylar.
Copyright information for
TukLat16