‏ Luke 24:1-12

Isa direlýär

(Matta 28:1-10; Mark 16:1-8; Ýohanna 20:1-10)

1Hepdäniň birinji güni
Hepdäniň birinji güni – bu ýewreýleriň senenamasy boýunça ýekşenbe günüdir.
ir säher bilen aýallar taýýarlan ýakymly ysly tütetgilerini alyp, mazara bardylar.
2Olar mazaryň agzyndaky daşyň bir çete togalanandygyny gördüler. 3Mazaryň içine girenlerinde bolsa, Reb Isanyň jesedini tapmadylar. 4Muňa haýran bolup durkalar, garşylarynda lowurdaýan lybasda iki sany adam birdenkä peýda boldy. 5Aýallar gorkup, başlaryny ýere egdiler. Ýaňky adamlar olara: «Siz näme üçin dirini ölüleriň arasyndan gözleýärsiňiz? 6Ol bu ýerde ýok, Ol direldi! Ol heniz siziň bilen bilekä Jelilede özüňize aýdan zatlaryny ýadyňyza salyň. 7Ol: „Ynsan Ogly günäli adamlaryň eline tabşyrylmaly, haça çüýlenmeli we üçülenji gün direlmelidir“diýipdi» diýdiler. 8Onsoň Isanyň bu sözleri olaryň ýadyna düşdi.

9Aýallar mazardan dolanyp gelip, bularyň baryny Onbirlere we beýlekileriň hemmesine habar berdiler. 10Resullara bu habary ýetirenler magdalaly Merýem, Ýowanna, Ýakubyň ejesi Merýem we olaryň ýanyndaky beýleki aýallardy. 11Emma bu sözler resullara boş göründi, olar aýallara ynanmadylar. 12Petrus bolsa ýerinden turup, mazara tarap eňdi. Ol eglip, kepeniň boş ýatanyny gördi. Ol bolan waka geň galyp, yzyna dolandy.
Copyright information for TukLat16