Luke 24:13-35
Isa Emmausa barýanlara görünýär
(Mark 16:12,13)
13Şol gün şägirtlerden ikisi Emmaus diýen oba barýardy. Bu oba Iýerusalimden on çakrym ▼▼On çakrym – grekçe altmyş stadios. Bu takm. 11 kilometre deňdir.
uzaklykda ýerleşýärdi. 14Olar bolup geçen bu wakalar hakda özara gürleşýärdiler. 15Şeýlelikde, gepleşip, pikir alşyp barýarkalar, Isanyň Özi golaýa gelip, olar bilen bile ýöräberdi. 16Ýöne Ony tanamaz ýaly, olaryň gözleri baglanypdy. 17Isa olardan: «Ýol bolsun! Näme hakda gürrüň edip barýaňyz?» diýip sorady. Olar gaýgyly ýagdaýda aýak çekdiler. 18Olaryň Kleýop atlysy: «Iýerusalimde bolubam, şu günler ol ýerde bolan wakalardan bihabar gelmişek diňe Senmikäň?» diýip sorady. 19Isa olardan: «Haýsy wakalar?» diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: «Nasyraly Isa hakdaky wakalar. Ol Hudaýyň we ähli halkyň nazarynda sözde hem işde güýçli pygamberdi. 20Ýolbaşçy ruhanylar bilen baştutanlarymyz Ony ölüm jezasyna höküm etdirip, haça çüýlemek üçin häkimiň eline tabşyrdylar. 21Biz bolsa Ysraýyly halas etjek Şoldur diýip umyt edipdik. Onsoňam bu zatlaryň bolanyna üç gün boldy. 22Üstesine, aýallarymyzyň käbirem bizi haýrana goýdy. Olar şu gün ir bilen mazara baryp, 23Onuň jesedini tapmandyrlar. Olar biziň ýanymyza gelip, özlerine perişdeleriň görnendigini aýtdylar. Perişdeler Oňa diri diýýärmişler. 24Onsoň biziňkileriň käbiri mazara baryp, ýagdaýyň edil aýallaryň aýdyşy ýalydygyny görüpdirler, emma Isany görmändirler». 25 Isa olara: «Wah, siz akmaklar! Pygamberleriň aýdanlaryna giç ynanýanlar! 26Mesih bu görgüleri görüp, Öz şöhratyna girmeli dälmidi?» diýdi. 27Onsoň Ol Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi. 28Olar barýan obalaryna golaýlanlarynda, Isa uzagrak giderli göründi. 29Emma olar Ony saklap: «Biziň ýanymyzda galaý, basym agşam düşer, gün ýaşyp barýar» diýdiler. Şeýlelikde, Isa olaryň ýanynda galdy. 30Isa olar bilen saçak başynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olara berdi. 31Şonda olaryň gözleri açylyp, Isany tanadylar, emma Isa olaryň gözlerinden gaýyp boldy. 32Olar biri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Mukaddes Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy diýsene?» diýişdiler. 33Olar turup, şol pursadyň özünde Iýerusalime dolandylar. Ol ýerde Onbirleri we olaryň ýanynda bile üýşüp oturanlary tapdylar. 34Bular: «Dogrudan-da, Reb Isa direlipdir we Simuna görnüpdir!» diýdiler. 35Onsoň ol ikisi ýolda bolan wakalary, Isa çöregi bölende, Ony tanandyklaryny gürrüň berdiler.
Copyright information for
TukLat16