Luke 24:36-53
Isa şägirtlere görünýär
(Matta 28:16-20; Mark 16:14-18; Ýohanna 20:19-23; Resul 1:6-8)
36Olar heniz bu barada gürrüň berip durkalar, Isanyň Özi olaryň arasynda durup: «Size salam bolsun!» diýdi. 37Olar ruh görýändiris öýdüp, tisginip gorka düşdüler. 38Isa olara: «Näme üçin dowla düşýärsiňiz? Näme sebäpden göwnüňize beýle pikirler gelýär? 39Meniň ellerime, aýaklaryma serediň. Bu Meniň Özüm! Maňa elleriňizi degrip görüň. Ruhuň et bilen süňki bolmaz, emma görşüňiz ýaly, Meniňki bar» diýdi. 40Muny aýdyp, ellerini, aýaklaryny olara görkezdi. 41Olar şatlykdan ýaňa henizem ynanyp bilmän, haýran galyp durkalar, Isa olara: «Bu ýerde iýmäge bir zadyňyz barmy?» diýip sorady. 42Oňa bişirilen balygyň bir bölegini ▼▼Käbir golýazmalarda we biraz bal diýen sözler hem bar.
berdiler. 43Isa alyp, olaryň gözleriniň alnynda ony iýdi. 44Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi. 45Onsoň Mukaddes Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy. 46Isa olara: «Mesih görgi görer we üçülenji gün ölümden direler diýip ýazylandyr. 47Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir. 48Siz bu zatlara şaýat bolarsyňyz. 49Men hem Atamyň wada eden Mukaddes Ruhuny size ýollaryn. Emma siz gökden injek gudrat bilen doldurylýançaňyz, Iýerusalimde galyň» diýdi. Isa göge göterilýär
(Mark 16:19,20; Resul 1:9-11)
50 Isa olary şäheriň daşyna çykaryp, Beýtaniýa getirdi. Onsoň ellerini galdyryp, olara pata berdi. 51Pata berip durka, olardan aýrylyp, göge göterildi. 52Olar hem Oňa sežde edip, uly şatlyk bilen Iýerusalime dolandylar. 53Olar hemişe ybadathanada bolup, Hudaýa alkyş okaýardylar. ▼▼Käbir golýazmalarda Omyn diýen söz hem bar.
Copyright information for
TukLat16