‏ Luke 3:1-18

Ýahýa çümdürijiniň wagzy

(Matta 3:1-12; Mark 1:1-8; Ýohanna 1:19-28)

1 Rim imperatory Tibereýiň hökümdarlygynyň on bäşinji ýylynda, Pontiý Pilat Ýahudyýanyň häkimi döwründe Hirod – Jeliläni, onuň dogany Filip – Itureýa bilen Trahonitis welaýatyny, Lisaniýas-da Abilini dolandyrýardy. 2Hanan bilen Kaýafa hem baş ruhanydy. Şonda Zekarýanyň ogly Ýahýa Hudaýyň sözi aýan boldy. Ol çölde ýaşaýardy. 3Ýahýa Iordan derýasynyň töweregindäki ähli ýerlere aýlanyp, adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi. 4 aIşaýa pygamber bu barada öz kitabynda şeýle ýazypdy: «Çölde bir ses gygyrýar:
„Rebbe ýol taýynlaň!
Onuň ýodalaryny düzläň!
5Ähli dereler doldurylar,
ähli dag-depeler peseldiler,
egrem-bugram ýollar dogrulanar,
büdür-südür ýodalar tekizlener.
6Şonda ähli ynsanlar Hudaýyň halas edişini görerler“».

7Bir uly mähelle suwa çümdürilmek üçin, Ýahýanyň ýanyna geldi. Ýahýa olara şeýle ýüzlendi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi? 8Mundan beýläk eden tobaňyza mynasyp miwe beriň. Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“diýip aýtmagy hyýalyňyza hem getirmäň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir. 9Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar».

10Halk ondan: «Eýsem, biz näme etmeli?» diýip sorady. 11Ol: «Iki köýnekli birini köýneksize bersin. Iýmiti bolan hem şonuň ýaly etsin» diýip jogap berdi. 12Salgytçylar-da çümdürilmek üçin onuň ýanyna gelip: «Mugallym, biz näme etmeli?» diýip soradylar. 13Ýahýa olara: «Özüňize buýrulandan artyk almaň» diýdi. 14Onsoň esgerler-de: «Biz näme etmeli?» diýip soradylar. Olara: «Hiç kimden zorluk bilen pul almaň, nähak ýere töhmet atmaň, öz hakyňyza kaýyl boluň» diýdi.

15Halk Mesihe umyt bilen garaşýardy we hemmeler Ýahýa hakda ýüreklerinde: «Ýahýa şol Mesih bolaýmasyn?» diýip oýlanýardy. 16Ýahýa olara: «Men sizi suwa çümdürýärin, emma menden has güýçli Biri geler, men hatda Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer. 17Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy ammaryna üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar» diýdi. 18Ol başga-da köp öwüt-ündew edip, halka Hoş Habary wagyz edýärdi.
Copyright information for TukLat16