‏ Luke 4:1-13

Isa synalýar

(Matta 4:1-17; Mark 1:12-15)

1 Isa Mukaddes Ruhdan dolup, Iordan derýasyndan yzyna dolandy. Mukaddes Ruh Ony çöle alyp gitdi. 2Isa ol ýerde kyrk günläp iblis tarapyndan synaga salyndy. Şol günleriň dowamynda Ol hiç zat iýmedi, kyrk günden soň bolsa ajykdy.

3Iblis Oňa: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, bu daşyň çörege öwrülmegini buýur» diýdi. 4 aIsa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşamaýar“diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi.

5Soňra iblis Isany bir belent ýere çykaryp, Oňa dünýäniň ähli şalyklaryny görkezdi. 6Iblis Isa: «Men bularyň ählisiniň hökümdarlygyny we şan-şöhratyny Saňa bereýin. Bular maňa berildi, men hem ony islänime berip bilýärin. 7Şonuň üçin Sen maňa sežde etseň, bularyň bary Seniňki bolar» diýdi. 8 bIsa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“diýip hem ýazylgydyr
Käbir golýazmalarda Ýok bol, şeýtan! diýen jümle hem bar.
» diýip jogap berdi.

9Soňra iblis Isany Iýerusalime getirdi. Ony ybadathananyň çür depesine çykaryp: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi şu ýerden aşak okla. 10 11 dÇünki şeýle ýazylgydyr: „Seni berk goramak üçin,
Ol perişdelerine Sen babatda emr eder.
Aýagyň daşa büdremez ýaly,
olar Seni ellerinde göterer“» diýdi.

12 eIsa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbi synamaň“diýip hem ýazylgydyr» diýip jogap berdi.

13Iblis Isany synaglaryň hemmesinden geçirip gutarandan soň, amatly pursat gelýänçä, Onuň ýanyndan gitdi.
Copyright information for TukLat16