Luke 4:16-30
Nasyrada Isany ret edýärler
(Matta 13:53-58; Mark 6:1-6)
16Bir gün Isa Öz dogduk mekany bolan Nasyra gitdi. Ol Sabat güni adatdaky ýaly sinagoga baryp, Mukaddes Ýazgylardan okamak üçin ýerinden turdy. 17Oňa Işaýa pygamberiň kitabyny berdiler. Ol hem kitaby açyp, şu sözleriň ýazylan ýerini tapdy: 18– 19 a«Rebbiň ruhy üstümdedir.Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin,
Ol Meni seçip-saýlady;
tussaglara azatlygy,
körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge ▼
▼Käbir golýazmalarda döwlen ýürekleri bejermäge diýen jümle hem bar.
Ol Meni iberdi.Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga,
Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».
20Onsoň kitaby ýapyp, ony yzyna – hyzmatkäre berdi-de oturdy. Sinagogadakylaryň barynyň gözi Oňa dikildi. 21Isa olara: «Siziň eşiden bu mukaddes ýazgyňyz şu gün berjaý boldy» diýip, gürrüňe başlady. 22Hemmeler Isany öwüp, Onuň agzyndan çykan ajaýyp sözlere haýran galyp: «Bu Ýusubyň ogly dälmi?» diýip soradylar. 23Isa olara: «Siziň Maňa: „Eý, lukman, ilki özüňe şypa ber!“diýen nakyly aýtjakdygyňyzy bilip durun. Siz: „Kapernaumda eden işleriňi eşitdik. Olary şu ýerde, Öz ýurduňda-da berjaý et-dä“diýersiňiz» diýdi. 24Ol ýene şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, hiç bir pygamber öz ýurdunda kabul edilmeýär. 25Size hakykaty aýdýaryn: Ylýasyň döwründe üç ýyl alty aýlap asmandan ýekeje damja-da ýagyş damman, ähli ýurda elhenç açlyk düşende, Ysraýylda köp dul aýallar bardy. 26Emma Ylýas olaryň hiç biriniň ýanyna iberilmän, diňe Sidondaky Sarepat şäherinde bolan bir keseki dul aýalyň ýanyna iberildi. 27 cŞeýle hem, Elýaşa pygamberiň döwründe Ysraýylda deri keselli köp adamlar bardy. Emma Elýaşa diňe siriýaly keseki Nagamanyň ýanyna iberildi we ondan başga hiç kim tämiz bolmady». 28Bu sözleri eşidenlerinde, sinagogadakylaryň bary gahar-gazaba mündi. 29Olar aýaga galyp, Isany şäherden kowdular. Nasyra şäheri depede ýerleşýärdi. Olar Ony şol depäniň çür başyna çykaryp, aşak taşlajak boldular. 30Emma Isa olaryň arasyndan geçip, ol ýerden çykyp gaýtdy.
Copyright information for
TukLat16