Luke 4:31-42
Isa arwah-jyny kowýar
31Onsoň Isa Jeliläniň Kapernaum şäherine gelip, Sabat güni halka öwretmäge başlady. 32Halk Onuň taglymatyna haýran galdy, sebäbi Ol ygtyýarlylyk bilen gepleýärdi. 33Sinagogada arwah-jyn eýelän bir adam bardy. Ol batly ses bilen gygyryp: 34«Eý, nasyraly Isa! Biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy. 35Isa arwah-jyna käýäp: «Sem bol! Bu adamdan çyk!» diýip buýruk berdi. Şonda arwah-jyn ol adamy hemmeleriň öňünde ýere ýykdy-da, hiç zyýan ýetirmän, ondan çykdy. 36Hemmeler haýran galyp, biri-birlerine: «Bu nähili söz? Ol ygtyýar hem gudrat bilen arwah-jynlara buýruk berýär. Olar hem çykýarlar» diýişdiler. 37Isa hakyndaky habar bu etrabyň çar tarapyna ýaýrady.Isa köp hassalara şypa berýär
38 Isa sinagogadan çykyp, Simunyň öýüne bardy. Simunyň gaýynenesini gyzdyryp ýatyrdy. Muňa Isadan kömek soradylar. 39Isa onuň başujunda durup, gyzzyrma käýedi welin, onuň gyzzyrmasy aýryldy. Ol aýal dessine ýerinden turdy-da, olara hyzmat etmäge başlady. 40Gün batanda, adamlar her dürli kesellileri Isanyň ýanyna getirdiler. Isa hem olaryň her biriniň üstüne elini goýup şypa berdi. 41Köpüsinden arwah-jynlar: «Sen Hudaýyň Oglusyň! ▼▼Käbir golýazmalarda Sen Mesihsiň! diýen sözler hem bar.
» diýip gygyryşyp çykýardy. Emma Isa olara käýäp, geplemeklerine ýol bermeýärdi, sebäbi olar Onuň Mesihdigini bilýärdiler. 42Ertesi gün daň atanda, Isa öýden çykyp, bir çola ýere gitdi. Halk hem Onuň gözlegine çykdy. Olar Isany tapanlarynda, Ony öz ýanlarynda alyp galmaga dyrjaşdylar.
Copyright information for
TukLat16