‏ Luke 4:38-41

Isa köp hassalara şypa berýär

38 Isa sinagogadan çykyp, Simunyň öýüne bardy. Simunyň gaýynenesini gyzdyryp ýatyrdy. Muňa Isadan kömek soradylar. 39Isa onuň başujunda durup, gyzzyrma käýedi welin, onuň gyzzyrmasy aýryldy. Ol aýal dessine ýerinden turdy-da, olara hyzmat etmäge başlady. 40Gün batanda, adamlar her dürli kesellileri Isanyň ýanyna getirdiler. Isa hem olaryň her biriniň üstüne elini goýup şypa berdi. 41Köpüsinden arwah-jynlar: «Sen Hudaýyň Oglusyň!
Käbir golýazmalarda Sen Mesihsiň! diýen sözler hem bar.
» diýip gygyryşyp çykýardy. Emma Isa olara käýäp, geplemeklerine ýol bermeýärdi, sebäbi olar Onuň Mesihdigini bilýärdiler.
Copyright information for TukLat16