‏ Luke 5:1-11

Isanyň ilkinji şägirtleri

(Matta 4:18-22; Mark 1:16-20)

1Bir gün Isa Ginnesaret kölüniň
Ginnesaret köli – bu Jelile kölüniň beýleki ady.
kenarynda wagyz edýärkä, halk Hudaýyň sözüni diňlemek üçin, Onuň daşyna üýşdi.
2Şonda Isa kölüň ýakasynda duran iki gaýygy gördi. Balykçylar gaýyklardan düşüp, torlaryny ýuwup durdular. 3Isa gaýyklaryň birine münüp, gaýygyň eýesi Simundan kenardan biraz uzaklaşmagy haýyş etdi. Onsoň Ol gaýykda oturan ýerinden halka öwretmäge durdy. 4Isa sözüni tamamlandan soň, Simuna: «Kölüň çuň ýerine gidiň-de, balyk tutmak üçin torlaryňyzy suwa taşlaň» diýdi. 5Simun Oňa: «Halypa! Bütin gije jan etsek-de, hiç zat tutup bilmedik, ýöne Seniň sözüň hatyrasyna torlary ýene taşlaýyn» diýdi. 6Muny aýdylyşy ýaly edenlerinde, olar şeýle bir köp balyk tutdular welin, torlary-da ýyrtylyp başlady. 7Şoňa görä olar beýleki gaýykdaky ýoldaşlarynyň gelip kömekleşmekleri üçin, ellerini bulap yşarat etdiler. Olar gelip, iki gaýygy-da balykdan doldurdylar. Gaýyklar tas suwa batypdy. 8Simun Petrus muny görende, Isanyň aýagyna ýykylyp: «Eý, Agam! Meniň ýanymdan aýryl, men bir günäli adam!» diýdi. 9Tutan balyklarynyň köpdügine onuň özi we ýanyndakylaryň hemmesi haýran galdy. 10Simunyň ýoldaşlary Ýakup bilen Ýohanna atly Zebedeýiň ogullary hem muňa haýran galdylar. Isa Simuna: «Gorkma, sen mundan beýläk balyk deregine ynsanlary tutarsyň» diýdi. 11Şeýlelikde, olar gaýyklaryny kenara çykaryp, bar zady taşlap, Onuň yzyna düşdüler.
Copyright information for TukLat16