Luke 5:12-16
Isa deri kesellini sagaldýar
(Matta 8:1-4; Mark 1:40-45)
12 Isa şäherleriň birindekä, elhenç deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna geldi. Ol Isany görende, dyzyna çöküp, Oňa: «Eý, Agam! Eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýip ýalbardy. 13Isa hem elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Deri keseli ol adamdan şobada aýryldy. 14Soňra Isa oňa: «Muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýip buýurdy. 15Emma Isa hakyndaky habarlar barha ýaýraýardy. Isany diňlemek we kesellerine şypa tapmak üçin, Onuň ýanyna uly mähelle ýygnanýardy. 16Isa bolsa köplenç ýeke Özi çola ýerlere gidip, Hudaýa doga okaýardy.
Copyright information for
TukLat16