‏ Luke 5:17-26

Isa bir ysmazy sagaldýar

(Matta 9:1-8; Mark 2:1-12)

17Bir gün Isa halka öwredip otyrka, Jeliläniň ähli obalaryndan, Ýahudyýadyr Iýerusalimden gelen fariseýler bilen Töwrat mugallymlary-da şol ýerdediler. Isa Rebbiň gudraty arkaly hassalara şypa berýärdi. 18Şol wagt birnäçe adam bir ysmazy düşegi bilen göterip getirdi. Olar ony jaýyň içine salyp, Isanyň öňünde ýatyrjak boldular. 19Emma üýşen mähelleden ýaňa ony içeri salmaga ýol tapmansoňlar, jaýyň üstüne çykyp, üçegi söküp açdylar. Onsoň ysmazy düşegi bilen üçekden sallap, Isanyň öňüne düşürdiler. 20Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Dost, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. 21Töwrat mugallymlary bilen fariseýler: «Hudaýa dil ýetirýän bu adam kim? Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip, içini gepletmäge başladylar. 22Emma Isa olaryň näme pikir edýändiklerini bilip, olara: «Näme üçin hyýalyňyzda beýle pikirler edýärsiňiz? 23Haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“diýmekmi ýa-da: „Tur-da, ýöre“diýmek? 24Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi. 25Ol hem hemmäniň gözüniň alnynda dessine ýerinden turdy we düşegini ýygnady, Hudaýy şöhratlandyryp, öýüne gitdi. 26Ähli adamlar haýran galyp, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Olary gorky gaplap aldy, olar: «Bu gün şeýle bir geň zatlar gördük» diýişdiler.
Copyright information for TukLat16