Luke 5:27-32
Isa Lewini çagyrýar
(Matta 9:9-13; Mark 2:13-17)
27Şundan soň Isa daşary çykanda, salgyt ýygnap oturan Lewini görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. 28Ol hem ýerinden turdy-da, ähli zady taşlap, Onuň yzyna düşdi. 29Lewi öz öýünde Isa üçin bir uly meýlis gurady. Saçagyň başynda olar bilen birtopar salgytçylar we başga-da köp adamlar nahar iýip otyrdylar. 30Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Onuň şägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiňiz?» diýip hüňürdeşdiler. 31Isa olara: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir. 32Men dogrulary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýip jogap berdi.
Copyright information for
TukLat16