Luke 6:1-5
Sabat güni barada gürrüň
(Matta 12:1-14; Mark 2:23–3:6)
1Bir Sabat güni ▼▼Bir Sabat güni – käbir golýazmalarda Pesah baýramy geçenden soň ikinji Sabat güni.
Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Onuň şägirtleri bugdaý başlaryny ýolup, aýalarynda owup iýýärdiler. 2Fariseýleriň käbiri olardan: «Näme üçin Sabat güni gadagan işi edýärsiňiz?» diýip sorady. 3 bIsa olara: «Dawut bilen ýanyndakylar aç galanlarynda, siz Dawudyň näme edendigini asla okamadyňyzmy? 4Ol Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini alyp iýdi, ýanyndakylara hem berdi. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi» diýdi. 5Isa olara ýene-de: «Ynsan Ogly hatda Sabat gününiň-de hökümdarydyr» diýdi.
Copyright information for
TukLat16