Luke 7:1-10
Ýüzbaşynyň imany
(Matta 8:5-13)
1 Isa Özüni diňleýän halka bu sözleriň ählisini aýdyp bolandan soň, Kapernaum şäherine gitdi. 2Bu ýerde bir ýüzbaşynyň ezizläp hormatlaýan hyzmatkäri keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. 3Ýüzbaşy Isa hakynda eşidende, öz hyzmatkärine şypa bermegini sorap, Onuň ýanyna birnäçe ýahudy ýaşulularyny iberdi. 4– 5Olar Isanyň ýanyna gelip, Oňa ýürekden ýalbaryp: «Bu adam Seniň kömek etmegiňe mynasyp, sebäbi ol biziň halkymyzy söýýär, hatda bize sinagoga hem gurup berdi» diýdiler. 6Şeýlelikde, Isa olar bilen gitdi. Olar ýüzbaşynyň öýüne ýakynlaşanlarynda, ýüzbaşy dostlaryndan Oňa şeýle habar iberdi: «Agam, azara galma, sebäbi Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl. 7Şonuň üçin hem men özümi Seniň ýanyňa barmaga mynasyp saýmadym. Diňe birje söz aýtsaň bes, meniň hyzmatkärim sagalar. 8Men hem buýruk astyndaky adamdyryn, ygtyýarymda esgerlerim bar. Birisine „Git“diýsem gidýär, başgasyna „Gel“diýsem gelýär. Hyzmatkärime „Şuny et!“diýsem edýär». 9 Isa bu sözleri eşidip, ýüzbaşa haýran galdy. Ol yzyna düşüp gelýän mähellä tarap öwrülip: «Size şuny aýdaýyn: Men hatda Ysraýylda-da şeýle beýik imany görmedim» diýdi. 10Onsoň iberilen adamlar yzyna öwrülip baranlarynda, hyzmatkär sagalan eken.
Copyright information for
TukLat16