‏ Luke 7:18-35

Isa bilen Ýahýa çümdüriji

(Matta 11:2-19)

18 19Ýahýanyň şägirtleri bu wakalaryň baryny oňa gürrüň berdiler. Ýahýa olardan ikisini ýanyna çagyryp: «Gelmeli Şol Senmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?» diýip, Reb Isadan soramak üçin olary iberdi. 20Olar Isanyň ýanyna gelip: «Bizi Ýahýa çümdüriji iberdi. Ol Senden: „Şol gelmeli Mesih Senmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?“diýip soraýar» diýdiler.

21Şol wagtlar Isa köp keselleri, hassalary, erbet ruh eýelänleri bejeripdi, ençeme körleriň gözlerini açypdy. 22Şunlukda, Isa habarçylara: «Baryň-da, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň. Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär. 23Menden ýüz döndermedik adam bagtlydyr!» diýip jogap berdi.

24Ýahýanyň ilçileri gidenden soň, Isa mähellä Ýahýa barada gürrüň bermäge başlady: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Şemala yranýan ýylgynymy? 25Ýeri, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýen adamymy? Emma gymmatbahaly lybaslara beslenip, şady-horramlykda ýaşaýanlar şa köşklerindedir. 26Ýeri, siz näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, Men size şuny aýdýaryn, ol gören kişiňiz hatda pygamberden hem artykdyr. 27 a„Öňüňden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin“diýip ýazylan sözler hem hut şoňa degişlidir. 28Size şuny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryň arasynda Ýahýadan beýigi ýokdur, emma Hudaýyň Şalygynda iň kiçisi hem ondan beýikdir». 29Ähli halk, hatda salgyt ýygnaýjylar hem Ýahýanyň sözlerini eşidip, Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilmek bilen Hudaýyň ýolunyň dogrudygyny tassykladylar. 30Emma fariseýlerdir Töwrat mugallymlary Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilmekden boýun gaçyrmak bilen Hudaýyň özleri üçin niýetlän maksadyndan ýüz öwürdiler. 31Isa sözüni dowam etdirdi: «Men bu nesli kime meňzedeýin? Olar kime meňzeýär? 32Olar bazarda oturyp, biri-birilerine: „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz; agy aýtdyk, aglamadyňyz“diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler. 33Ine, Ýahýa çümdüriji geldi, ol iýenogam, içenogam. Siz bolsa oňa „jynly“diýýärsiňiz. 34Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, siz Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“diýýärsiňiz. 35Emma danalygyň hakdygy onuň zürýatlarynyň ählisi tarapyndan tassyklanar».
Copyright information for TukLat16