Luke 8:16-18
Çyra tymsaly
(Mark 4:21-25)
16Hiç kim çyrany ýakyp, onuň üstüni gap bilen örtýän däldir ýa-da ony çarpaýanyň aşagynda goýýan däldir. Gaýtam, içeri girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr. 17Elbetde, üsti açylmajak gizlin zat, bilinmejek, mese-mälim bolmajak ýaşyryn zat ýokdur. 18Şonuň üçin hem nähili diňleýändigiňize üns beriň. Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ýöne kimde ýok bolsa, özüniňki hasap edýän zady hem elinden alnar».
Copyright information for
TukLat16