‏ Luke 8:26-39

Isa arwah-jyn eýelän adamy sagaldýar

(Matta 8:28-34; Mark 5:1-20)

26Olar Jeliläniň garşysynda ýerleşýän gerasalylaryň
Gerasalylar – käbir golýazmalarda gadaralylar. Seret: Mat 8:28.
ýurduna geldiler.
27Isa kenarda gaýykdan düşende, Oňa arwah-jyn eýelän bir adam gabat geldi. Ol adam köpden bäri hiç hili egin-eşik geýmeýärdi, öýünde ýaşaman, mazarlaryň arasynda ýaşaýardy. 28Ol Isany görende, gygyryp goýberdi. Onuň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, batly ses bilen: «Eý, Isa, Beýik Hudaýyň Ogly! Meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, meni gynama» diýdi. 29Çünki Isa arwah-jyna ol adamdan çykmagy buýrupdy. Arwah-jyn ony ýygy-ýygydan tutýardy. Munuň üçin ol adamy zynjyrlap, gandallap saklardylar, emma ol zynjyrlaryny gyryp taşlardy, arwah-jyn ony çöllere äkiderdi. 30Isa ondan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Goşun
Goşun – grekçe Legion. Bu söz alty müň esgerli goşuny aňladýar.
» diýip jogap berdi, sebäbi oňa san-sajaksyz arwah-jyn giripdi.
31Arwah-jynlar özlerine dowzaha gitmegi buýurmasyn diýip, Isa ýalbardylar. 32Şol ýerdäki dagyň eteginde ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi. Arwah-jynlar doňuzlaryň içine girmäge rugsat etmegini sorap, Isa ýalbardylar. Ol hem rugsat etdi. 33Olar ýaňky adamdan çykyp, doňuzlara girdiler. Şondan soň süri uçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy. 34Bolan zady görenlerinde, çopanlar gaçyp, şäherdir obalara muny habar berdiler. 35Halk bolan wakany görmek üçin geldi. Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, içinden arwah-jyn çykan adamyň geýnip, Isanyň aýagujunda oturandygyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular. 36Bu wakany görenler bolsa, olara arwah-jyn eýelän adamyň nähili sagalandygy barada gürrüň berdiler. 37Onsoň ähli gerasalylar we şol sebitiň ilaty Isadan öz ýanlaryndan gitmegini haýyş etdiler, sebäbi olary uly gorky gaplap alypdy. Isa hem gaýyga münüp, yzyna gaýtdy. 38Arwah-jyndan halas bolan adam Isa gitmezden öň Ondan Özi bilen gitmäge rugsat sorap ýalbardy. 39Isa bolsa: «Bar, öýüňe gaýt, Hudaýyň saňa nämeler edendigini gürrüň ber» diýip, ony ugratdy. Ol hem gidip, Isanyň özüne edenlerini tutuş şähere jar etdi.
Copyright information for TukLat16