‏ Luke 8:4-15

4Uly bir mähelle üýşüp, ähli şäherlerden adamlar Isanyň ýanyna geldi. Şonda Isa olara şu tymsaly gürrüň berdi: 5«Bir daýhan ekin ekmäge çykýar. Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň üstüne düşüp, aýak astynda depelenýär we guşlar gelip, ony çokýarlar. 6Birnäçe tohum daşly ýere düşýär. Olar gögeren badyna suwsuzlykdan gurap gidýärler. 7Birnäçesi tikenekligiň arasyna düşýär. Tohum bilen gögeren tikenler olary basýar. 8Birnäçesi-de gowy topraga düşýär. Olar gögerip çykyp, her biri ýüz esse hasyl berýär». Bulary gürrüň berenden soň, Isa: «Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» diýip gygyrdy. 9Şägirtleri Ondan: «Bu tymsalyň manysy näme?» diýip soradylar. 10Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, emma başgalar seredip görmesinler, eşidip düşünmesinler diýip, olara tymsallar arkaly aýdylýar. 11Tymsalyň manysy şeýle: tohum Hudaýyň sözüdir. 12Ýoluň üstüne düşen däneler sözi eşidýän adamlardyr. Emma şeýtan gelip, iman getirmesinler, halas bolmasynlar diýip, olaryň kalbyndan sözi sogrup alýar. 13Daşly ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde, şatlyk bilen kabul edýän adamlardyr. Ýöne olarda kök ýokdur. Olar az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler. 14Tikenekligiň arasyna düşenler bolsa sözi eşidýänlerdir, emma durmuşyň aladalary, baýlyklary, keýpi-sapasy olary barha bogýar, olar hasyl bermeýärler. 15Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony ýagşy hem päk ýürekde saklaýanlardyr. Olar çydamlylyk bilen miwe berýändirler.
Copyright information for TukLat16