‏ Luke 8:40-56

Direlen gyz, sagalan aýal

(Matta 9:18-26; Mark 5:21-43)

40 Isa yzyna dolanyp gelende, halk Ony gyzgyn garşylady, sebäbi hemmeler Oňa garaşýardy. 41Şol wagt sinagoga ýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam gelip, Isanyň aýagyna ýykyldy we Ondan öýüne barmagyny haýyş etdi. 42Munuň sebäbi onuň on iki ýaşlaryndaky ýekeje gyzy ölüm ýassygynda ýatyrdy. Isa ol ýere gidip barýarka, mähelle Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy. 43Mähelläniň içinde on iki ýyldan bäri gan akma keselli bir aýal hem bardy. Ol hiç zatdan haýyr tapmandy
Ol hiç zatdan haýyr tapmandy – käbir golýazmalarda Ol bary-ýoguny lukmanlara sarp edip, hiç zatdan haýyr tapmandy.
.
44Ol Isanyň arka tarapyndan baryp, Onuň donunyň syýyna elini degirdi welin, şobada gan akmasy kesildi. 45Isa: «Maňa kim elini degirdi?» diýip sorady. Hiç kim boýun almady. Şonda Petrus
Käbir golýazmalarda Petrus bilen ýanyndakylar.
: «Halypa! Halk daşyňy alyp, Seni gysyp-gowrup barýar, Sen bolsa: „Maňa kim elini degirdi?“diýýärsiň» diýdi.
46Emma Isa: «Maňa biri elini degirdi, sebäbi Men Özümden bir güýjüň çykanyny duýdum» diýdi. 47Aýal eden işiniň mundan aňry gizlin galmajakdygyny bilensoň, titräp gelip, Isanyň aýagyna ýykyldy. Ähli halkyň öňünde özüniň näme üçin Isa elini degrendigini, şobada hem şypa tapandygyny gürrüň berdi. 48Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Arkaýyn gidiber» diýdi. 49Isa bu sözleri aýdyp durka, sinagoga baştutanynyň öýünden gelen bir adam Ýaýrusa: «Gyzyň öldi. Mugallymy artykmaç biynjalyk etme» diýdi. 50Emma Isa muny eşidip, oňa: «Gorkma, diňe iman et, gyzyň gutular» diýdi. 51Isa onuň öýüne gelende, Petrus, Ýohanna, Ýakup we gyzyň ene-atasyndan başga hiç kime Özi bilen içeri girmäge rugsat etmedi. 52Hemmeler aglaşyp, ýas tutup otyrdylar. Emma Isa: «Aglamaň, ol ölenok, uklap ýatyr» diýdi. 53Adamlar gyzyň ölendigini bilýändikleri üçin Onuň üstünden güldüler. 54Emma Isa hemmäni daşary kowup, gyzyň elinden tutdy-da, gygyryp: «Gyzym, tur!» diýdi. 55Gyza jan girip, ol şobada ýerinden turdy. Onsoň Isa gyza nahar bermeklerini buýurdy. 56Gyzyň ene-atasy haýran galdy. Isa bolsa olara bolup geçen hadysany hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.
Copyright information for TukLat16