Luke 9:1-6
Isa şägirtlerini halkyň arasyna iberýär
(Matta 10:5-15; Mark 6:7-29)
1 Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara ähli arwah-jynlary kowmaga, her dürli keselleri bejermäge güýç we ygtyýar berdi. 2Onsoň olary Hudaýyň Şalygyny wagyz etmäge we hassalara şypa bermäge iberdi. 3Isa olara: «Ýol üçin hiç zat almaň: ýanyňyzda ne hasa, ne torba, ne çörek, ne pul, ne artykmaç eşik – hiç zat bolmasyn. 4Haýsy öýe girseňiz, tä ol şäherden çykyp gaýdýançaňyz, şol öýde boluň. 5Eger adamlar sizi kabul etmeseler, olaryň şäherinden çykyp gaýdanyňyzda, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýagyňyzyň tozuny kakyň» diýdi. 6Şeýdip, olar ýola düşdüler, her bir baran ýerinde Hoş Habary wagyz edip, hassalary sagaldyp, obama-oba aýlandylar.
Copyright information for
TukLat16