Luke 9:10-17
Isa bäş müň adamy doýurýar
(Matta 14:13-21; Mark 6:30-44; Ýohanna 6:1-14)
10 Resullar yzyna gelensoň, öz eden işlerini Isa habar berdiler. Ol hem olary ýanyna alyp, Betsaýda diýen şähere gitdi ▼▼Betsaýda diýen şähere gitdi – bu jümle käbir golýazmalarda Betsaýda diýen şäheriň golaýynda bir çola ýere çekildi diýip duş gelýär.
. 11Emma mähelle muny bilip, Onuň yzyndan bardy. Ol hem olary oňat garşylap, Hudaýyň Şalygy hakda gürrüň berdi we şypa mätäç adamlary sagaltdy. 12Gün ýaşyp barýarka, Onkiler Isanyň ýanyna gelip: «Bu mähelläni goýber, töwerekdäki obalara gidip, ýatara ýer we azyk tapsynlar, sebäbi biz bir çola ýerde ahyry» diýdiler. 13Emma Isa: «Olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Olar hem: «Biz munça mähelle üçin iýmit satyn almaga gidelimi? Biziň bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok ahyry» diýdiler. 14Ol ýerde bäş müňe golaý erkekler bardy. Emma Isa şägirtlerine: «Olary elli-elliden topar-topar edip oturdyň» diýip tabşyrdy. 15Olar hem şeýle edip, hemmeleri oturtdylar. 16Isa bolsa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi. Soňra bulary halka paýlar ýaly bölüşdirip şägirtlerine berdi. 17Hemmeler iýip doýdular, artyp galan çörek böleklerini ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
Copyright information for
TukLat16