‏ Luke 9:18-21

Petrus Isanyň Mesihdigini ykrar edýär

(Matta 16:13-28; Mark 8:27–9:1)

18Bir gün Isa ýekelikde Hudaýa doga okaýardy, şägirtleri hem Onuň ýanyndady. Isa olardan: «Halk Maňa kim diýýär?» diýip sorady. 19Olar: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birileri bolsa gadymy pygamberlerden biri direlipdir diýýär» diýip jogap berdiler. 20Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Hudaýyň Mesihisiň» diýip jogap berdi. 21Isa bolsa muny hiç kime aýtmazlygy olara berk tabşyrdy.
Copyright information for TukLat16