‏ Luke 9:28-36

Isanyň keşbi üýtgeýär

(Matta 17:1-8; Mark 9:2-8)

28Bu sözleri aýdanyndan sekiz gün geçensoň, Isa Petrusy, Ýohannany we Ýakuby ýanyna alyp, Hudaýa doga okamak üçin daga çykdy. 29Doga okap otyrka, Onuň ýüz keşbi üýtgäp, eginbaşy lowurdap ap-ak boldy. 30Ine, iki adam Onuň bilen gürrüňleşip durdy. Bu Musa bilen Ylýasdy. 31Olar şöhrat içinde peýda bolup, Isanyň dünýäden alynmaly pursady barada gürrüň edýärdiler. Bu pursat Iýerusalimde amala aşmalydy. 32Petrus bilen onuň ýanyndakylary uky basmarlaýardy, emma olar ukudan açylyp, Isanyň şöhratyny hem Onuň ýanynda duran iki adamy gördüler. 33Musa bilen Ylýas Isanyň ýanyndan aýrylyp barýarkalar, Petrus näme diýýänini özi-de bilmän, Oňa: «Halypa! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, üç çadyr dikeli: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi. 34Petrus bulary aýdyp durka, bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Özlerini bulut gurşap alanda, olar gaty gorkdular. 35Bulutdan: «Bu Meniň Oglumdyr, Saýlap-seçenimdir!
Saýlap-seçenimdir – käbir golýazmalarda söýgülimdir.
Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.
36Bu ses kesilen wagty, Isa ýeke galdy. Şägirtler bolsa dymyp, gören zatlary barada şol günlerde hiç kime gürrüň bermediler.
Copyright information for TukLat16