‏ Luke 9:37-45

Isa arwah-jyn eýelän oglany sagaldýar

(Matta 17:14-18; Mark 9:14-27)

37Şol günüň ertesi dagdan aşak düşen wagty, bir uly mähelle Isany garşylady. 38Mähelläniň içinden bir adam gygyryp, şeýle diýdi: «Mugallym! Ýalbarýan, meniň ogluma nazaryňy sal, ol meniň ýalňyz çagam. 39Ine, ony bir arwah-jyn eýeleýär, ol birden çygyryp başlaýar. Ol ruh onuň agzyndan ak köpük gelýänçä silterleýär, ýer bilen ýegsan edip, ondan zordan aýrylýar. 40Şägirtleriňe ony çykaryp ber diýip ýalbardym, emma olar başarmadylar». 41Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bolup, size çydaýyn? Ogluňy bärik getir» diýdi. 42Çaga Isanyň ýanyna gelýärkä, arwah-jyn ony ýere urup, köp silterledi. Emma Isa arwah-jyna käýäp, çagany sagaldyp, atasyna gowşurdy. 43Hemmeler Hudaýyň beýikdigine haýran galdy.

Isa ölüp direljegini ýene aýdýar

(Matta 17:22,23; Mark 9:30-32)

Hemmeler Isanyň eden işlerine geň galdy. Isa Öz şägirtlerine:
44«Bu sözler gulagyňyzda galsyn: Ynsan Ogly ynsanlaryň eline tabşyrylar» diýdi. 45Emma olar bu söze düşünmediler. Bu sözüň manysy olar üçin gizlin bolup galdy, olar bu barada Isadan soramaga-da gorkdular.
Copyright information for TukLat16