Luke 9:46-48
Iň beýik kim?
(Matta 18:1-5; Mark 9:33-37)
46Şägirtleriň arasynda olardan kimiň iň beýikdigi barada jedel ýüze çykdy. 47Isa olaryň ýüregindäki pikiri aňyp, bir çagany aldy-da, ýanynda duruzdy. 48Onsoň olara: «Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir. Araňyzda kim hemmeden pes bolsa, iň beýik şoldur» diýdi.
Copyright information for
TukLat16