Luke 9:57-62
Isanyň yzyna eýermek
(Matta 8:19-22)
57Ýolda barýarkalar, bir adam Isa: «Nirä gitseň ▼▼Nirä gitseň – käbir golýazmalarda Ýa Reb! Nirä gitseň.
, men hem Seniň yzyňa düşjek» diýdi. 58Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýdi. 59Başga birine: «Meniň yzyma düş» diýdi. Emma ol: «Agam, rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi. 60Emma Isa oňa: «Goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler, ýöne sen git-de, Hudaýyň Şalygyny wagyz et» diýdi. 61Ýene birisi: «Agam! Seniň yzyňa düşeýin, ýöne rugsat ber, öňürti maşgalam bilen hoşlaşaýyn» diýdi. 62Isa oňa: «Eline azaly alansoň yzyna seredýän adam Hudaýyň Şalygyna mynasyp däldir» diýdi.
Copyright information for
TukLat16