Mark 1:29-34
29Olar sinagogadan çykyp, Simun we Andrysyň öýüne gitdiler, Ýakup bilen Ýohanna hem olar bilendi. 30Simunyň gaýynenesini gyzzyrma tutup ýatandygyny Isa habar berdiler. 31Şonda Isa hassanyň ýanyna bardy-da, ony elinden tutup galdyrdy. Aýalyň gyzzyrmasy şobada aýryldy we ol myhmanlara hyzmat etmäge başlady. 32Gün batyp, agşam düşende, ähli hassalary, arwah-jyn eýelän adamlary Onuň ýanyna getirdiler. 33Şäheriň ähli halky gapynyň agzyna ýygnanyşypdy. 34Isa dürli kesele uçran ençeme hassany sagaltdy, ençeme arwah-jyny kowup çykardy. Ol arwah-jynlara geplemäge ygtyýar bermedi, sebäbi olar Onuň kimdigini bilýärdiler.
Copyright information for
TukLat16