‏ Mark 10:1-12

Aýrylyşmak hakynda

(Matta 19:1-12; Luka 16:18)

1 Isa ol ýerden çykyp, Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Ýahudyýa welaýatyna gitdi. Onuň daşyna ýene-de bir topar mähelle üýşdi we Ol ýene-de hemişeki ýaly olara öwretmäge durdy. 2Birnäçe fariseý gelip, Ony synamak üçin: «Bir adamyň aýaly bilen aýrylyşmagy kanuna dogry gelýärmi?» diýip sorady. 3«Musa size nähili buýruk berdi?» diýip, Isa olaryň özlerinden sorady. 4Olar: «Musa talak haty esasynda aýrylyşmaga ygtyýar beripdi» diýdiler. 5Isa olara: «Musa size doňýürekdigiňiz üçin bu buýrugy ýazdy. 6 aAslynda Hudaý ýaradylyşyň başynda ynsanlary erkek we aýal edip ýaratdy. 7 8 bŞol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar. Şeýlelikde, olar indi iki däl, bir tendir. 9Şonuň üçin hem Hudaýyň birleşdirenini ynsan aýyrmasyn» diýdi.

10Öýe gelenlerinde, şägirtleri bu barada Ondan ýene soradylar. 11Isa olara: «Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen adam öz aýalyna garşy zyna edýändir. 12Aýal hem ärinden aýrylyp, başga erkege barsa, öz ärine garşy zyna edýändir» diýip jogap berdi.
Copyright information for TukLat16