‏ Mark 10:17-31

Baýlyk we baky ýaşaýyş

(Matta 19:16-30; Luka 18:18-30)

17 Isa ýaňy ýola düşen mahaly bir adam ylgap geldi-de, öňünde dyza çöküp, Ondan: «Eý, ýagşy Mugallym! Men baky ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady. 18Isa oňa: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. 19 aSen Onuň: „Adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, hiç kimiň hakyny iýme, ata-eneňe hormat goý“diýen tabşyryklaryny bilýänsiň ahyryn» diýip jogap berdi. 20Ýaňky adam Oňa: «Men ýaşlygymdan bäri bularyň baryny berjaý edip gelýärin» diýdi. 21Isa oňa söýgüden doly mähir bilen seredip: «Seniň ýekeje kemiň bar. Git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. 22Ýaş ýigit bu sözi eşidip, tukat bolup gitdi, sebäbi onuň mal-mülki köpdi.

23 Isa töweregine seredip, şägirtlerine: «Baý adamlaryň Hudaýyň Şalygyna girmegi nähili kyn!» diýdi. 24Şägirtler Onuň sözlerine haýran galdylar. Isa ýene olara: «Ogullarym, Hudaýyň Şalygyna girmek
Hudaýyň Şalygyna girmek – käbir golýazmalarda baýlyga bil baglaýanlar üçin Hudaýyň Şalygyna girmek.
nähili kyn!
25Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi. 26Şägirtler çakdanaşa haýran galyp, biri-birlerine: «Onda kim halas bolup biler?» diýişdiler. 27Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däldir, emma Hudaý üçin beýle däl – Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi. 28Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» diýip söze başlady. 29Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň we Hoş Habaryň hatyrasyna öýüni, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çagalaryny ýa-da mülk ýerlerini taşlabam, 30bu döwürde çekjek azaplary bilen birlikde, yzyna ýüz esse edip öýler, doganlar, uýalar, ene-atalar, çagalar, mülk ýerler almajak adam ýokdur. Geljek döwürde olar baky ýaşaýşa gowşarlar. 31Emma ilkinjileriň köpüsi soňkular, soňkularyň köpüsi hem ilkinjiler bolar» diýdi.
Copyright information for TukLat16