‏ Mark 10:35-45

Ýakup bilen Ýohannanyň dilegi

(Matta 20:20-28)

35Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna Isanyň ýanyna baryp, Oňa: «Mugallym! Biziň Senden bir dilejek zadymyz bar, şony ýerine ýetirmegiňi isleýäris» diýdiler. 36Isa olardan: «Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýip sorady. 37Olar hem: «Sen Öz şöhratly tagtyňda birimiziň sagyňda, birimiziň çepiňde oturmagymyza rugsat et» diýdiler. 38Emma Isa olara: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Meniň içjek hasrat käsämden siz içip bilersiňizmi? Meniň hasratyma çümdürilip bilersiňizmi?» diýdi. 39Olar-da: «Hawa, bileris!» diýdiler. Isa olara: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz. Meniň hasratyma çümdürilersiňiz. 40Ýöne size sagymda ýa çepimde oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu kimler üçin taýýarlanan bolsa, şolar üçindir» diýdi. 41Beýleki on şägirt muny eşidip, Ýakup bilen Ýohanna gaharlanmaga başladylar. 42Isa olary ýanyna çagyryp: «Özüňiz bilýärsiňiz, keseki milletleriň arasynda baştutan saýylýanlar olara hökümdarlyk edýärler, ýokary wezipelileri-de agalyk edýärler. 43Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim üstün bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun. 44Kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň guly bolsun. 45Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.
Copyright information for TukLat16