‏ Mark 10:46-52

Isa kör Bartimeýiň gözlerini açýar

(Matta 20:29-34; Luka 18:35-43)

46Soňra olar Ýeriho şäherine geldiler. Isa şägirtleri we uly mähelle bilen bu şäherden çykyp barýarka, Timaý ogly Bartimeý kör ýoluň gyrasynda dilegçilik edip otyrdy. 47Nasyraly Isanyň ol ýerdedigini eşidip: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip gygyrmaga durdy. 48Köp adamlar oňa sesiň çykmasyn diýip käýediler, emma ol öňküden hem gaty ses bilen: «Eý, Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy. 49Isa aýak çekip: «Ony çagyryň» diýdi. Köre: «Dogumly bol, tur ýeriňden, Ol seni çagyrýar» diýdiler. 50Kör donuny bir ýana taşlap turdy-da, Isanyň ýanyna geldi. 51Isa ondan: «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Kör adam: «Halypa, gözlerim açylsyn!» diýdi. 52Isa hem oňa: «Bar, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Şobada bu adamyň gözleri açyldy. Onsoň ol hem Isanyň yzyna düşüp gidiberdi.
Copyright information for TukLat16