aZeb 117:25-26.
Mark 11:1-11
Isa Iýerusalime uly dabara bilen girýär
(Matta 21:1-11; Luka 19:28-40; Ýohanna 12:12-19)
1 Isa bilen şägirtleri Iýerusalime golaýlap, Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfaj we Beýtaniýa gelenlerinde, Isa iki şägirdini ýollap, olara: 2«Öňüňizdäki oba baryň. Oba giren ýeriňizde daňylgy duran taýhar taparsyňyz, onuň üstüne şu wagta çenli hiç kim münen däldir. Ony çözüň-de, bäri alyp geliň. 3Eger biri sizden: „Näme üçin ony çözýärsiňiz?“diýip sorasa, oňa: „Bu taýhar Rebbe gerek, ony basym yzyna iberer“diýip aýdyň» diýdi. 4Şägirtler gitdiler we köçede bir gapynyň agzynda daňylgy duran taýhary tapyp, ony çözdüler. 5Ol ýerde duran birnäçe kişi olara: «Näme üçin taýhary çözýärsiňiz?» diýip soradylar. 6Olar-da Isanyň aýdanyny aýtdylar. Onsoň ýaňky adamlar olary goýberdiler. 7Taýhary Isanyň ýanyna getirip, donlaryny onuň üstüne atdylar, Isa-da taýhara mündi. 8Köp adamlar donlaryny, käbirleri-de agaçlardan şaha kesip, ýola düşediler. 9 aÖňden barýanlar we yzdan gelýänler: «Hudaýa öwgüler bolsun! Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun! 10Atamyz Dawudyň golaýlan patyşalygy gutly bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardylar. 11 Isa Iýerusalime baryp, ybadathana girdi. Daş-töweregindäki ähli zatlary gözden geçirdi. Soňra gün gijigip barýandygy üçin, on iki şägirdi bilen bilelikde Beýtaniýa gitdi.
Copyright information for
TukLat16