‏ Mark 11:15-17

Isa satyjylary ybadathanadan kowýar

(Matta 21:12-17; Luka 19:45-48; Ýohanna 2:13-22)

15Soňra olar Iýerusalime geldiler. Isa ybadathananyň howlusyna girip, ol ýerdäki satyjylary, alyjylary kowmaga başlady. Pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi. 16Hiç kime ybadathananyň howlusyndan goş gatnatmaga rugsat etmedi. 17 aIsa olara öwretmek bilen: «„Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýlip atlandyrylar“diýip ýazylgy dälmi näme? Emma siz muny garakçylaryň sürenine öwrüpsiňiz» diýdi.
Copyright information for TukLat16