Mark 11:27-33
27Olar ýene Iýerusalime geldiler. Isa ybadathananyň howlusynda gezmeläp ýörkä, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular Onuň ýanyna gelip: 28«Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Bu işleri etmäge Saňa kim ygtyýar berdi?» diýip soradylar. 29Isa-da olara: «Men hem size bir sowal berjek. Maňa jogap berseňiz, size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýdaýyn. 30Hany, Maňa aýdyň, Ýahýa çümdüriş ygtyýaryny nireden aldy? Gökdenmi ýa-da ynsandan?» diýdi. 31Olar muny özara maslahatlaşmaga başladylar: «Eger Gökden diýsek, Ol bize: „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“diýer. 32Emma ynsandan diýsek…» Olar halkdan gorkýardylar, çünki hemmeler Ýahýany hakyky pygamber saýýardy. 33Ahyry olar Isa: «Biz bilemzok» diýip jogap berdiler. Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtjak däl» diýdi.
Copyright information for
TukLat16