aZeb 117:22.

‏ Mark 12:1-12

Üzümçilik we kärendeçiler tymsaly

(Matta 21:33-46; Luka 20:9-19)

1Soňra Isa olara tymsallar bilen gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin, üzümi sykmaga bir çukur gazýar we bir sany gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak ýola gidýär. 2Hasyl möwsümi gelende, ol bir hyzmatkärini üzümiň miwesinden alyp gel diýip, kärendeçileriň ýanyna iberýär. 3Emma olar ony tutup ýenjýärler we boş kowup goýberýärler. 4Üzümçiligiň eýesi ýene başga bir hyzmatkärini iberýär. Olar onuň kellesini ýaryp, ony masgara edip iberýärler. 5Onsoň ýene bir hyzmatkärini iberýär, olar muny öldürýärler. Ol şeýdip, ençeme hyzmatkärini iberýär. Bularyň-da käbirini ýenjip, käbirini öldürýärler. 6Üzümçiligiň eýesiniň ol ýere ibermäge ýene bir adamy galýar, ol-da özüniň ýeke-täk söwer ogludy. Oglumy sylarlar öýdüp, ol iň soňunda kärendeçileriň ýanyna öz ogluny iberýär. 7Emma kärendeçiler biri-birlerine: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldüreliň, miras bize galar“diýişýärler. 8Ony tutup öldürýärler-de, üzümçilikden daşary taşlaýarlar. 9Indi üzümçiligiň eýesi näme eder? Ol gelip, bu kärendeçileri öldürer-de, üzümçiligi başgalara berer. 10 aSiz Mukaddes Ýazgydaky: „Ussalaryň ret eden daşy,
binanyň burç daşy boldy.
11Muny Reb etdi,
bu nazarymyzda täsin saýyldy“

diýen sözleri okamadyňyzmy näme?»

12Bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňan ýahudylaryň baştutanlary Isany tutjak boldular. Ýöne halkdan gorkup, Ony galdyryp, öz ýollaryna gitdiler.
Copyright information for TukLat16