‏ Mark 12:13-17

Imperatoryňky – imperatora

(Matta 22:15-22; Luka 20:20-26)

13 Isany gepde tutjak bolup, fariseýleriň we Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. 14Olar gelip, Ondan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýärsiň. Hany aýt, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa-da dogry däl? Tölälimi ýa-da tölemäli?» diýip soradylar. 15Isa olaryň ikiýüzlüdigini bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz? Maňa kümüş teňňäni beriň, göreýin» diýdi. 16Olar bir teňňe getirdiler. Isa olardan: «Bu teňňedäki şekil bilen ýazgy kimiňki?» diýip sorady. Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. 17Isa olara: «Imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. Olar Oňa haýran galdylar.
Copyright information for TukLat16