Mark 12:18-27
Direliş barada sowal
(Matta 22:23-33; Luka 20:27-40)
18Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýler Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler: 19 a«Mugallym! Musa bize bir adamyň dogany perzentsiz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalyny alyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýip ýazypdyr. 20Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýala öýlendi, ýöne yzynda nesil galdyrman öldi. 21Ikinjisi hem şol aýala öýlendi, ol hem yzynda nesil galdyrman öldi. Olaryň üçünjisi hem şeýle boldy. 22Ýedisi-de nesil galdyrmady. Olardan soň aýal hem öldi. 23Indi direliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn». 24Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz. Ýalňyşyňyzyň sebäbi hem şunda dälmi? 25Ynsanlar ölümden direlende ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar göklerdäki perişdeler ýaly bolarlar. 26 bÖlüleriň direlişi babatda bolsa, Musanyň kitabyndaky ýanyp duran çaly hakynda okamadyňyzmy? Hudaý Musa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“diýdi. 27Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr; siz gaty ýalňyşýarsyňyz».
Copyright information for
TukLat16