Mark 12:28-34
Iň wajyp tabşyryk
(Matta 22:34-40; Luka 10:25-28)
28Golaýa gelip, olaryň çekişmelerini eşiden Töwrat mugallymlardan biri Isanyň olara jaýdar jogap berenini görüp, Ondan: «Haýsy tabşyryk iň wajyp tabşyryk?» diýip sorady. 29 aIsa: «Iň wajyp tabşyryk şudur: eý, ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir. 30Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli düşünjäňiz hem güýjüňiz bilen jan-tenden söýüň. 31 bIkinjisi-de şudur: ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý! Bulardan uly tabşyryk bolmaz» diýip jogap berdi. 32Ol adam Oňa: «Seniňki dogry, eý, Mugallym! Sen hakykaty sözlediň. Hudaý ýeke-täkdir, Ondan başgasy ýokdur. 33Ony tutuş ýüregiň hem akylyň bilen we ähli güýjüň bilen söýmeklik, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söýmeklik ýakma gurbanlyklaryň, beýleki gurbanlyklaryň hemmesinden has möhümdir» diýdi. 34Isa onuň paýhasly jogap berenini görüp: «Sen Hudaýyň Şalygyndan uzakda dälsiň» diýdi. Şondan soň Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.
Copyright information for
TukLat16