Mark 12:35-37
Mesih kimiň Ogly?
(Matta 22:41-46; Luka 20:41-44)
35 Isa ybadathanada halka öwredip otyrka, olara şeýle diýdi: «Töwrat mugallymlary Mesihe nädip Dawudyň ogly diýýärler? 36 aDawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, şeýle diýipdir: „Hudaý Rebbime ▼▼Reb – Zeburda bu söz reb bolup, patyşa ýüzlenilende ulanyldy, bu ýerde bolsa Reb Mesihe degişli.
şeýle sözledi: ‘Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,Meniň sagymda otur’“.
37 Dawudyň özi Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» Uly mähelle Ony hezil edip diňleýärdi.
Copyright information for
TukLat16