Mark 13:1-19
Ynsan Oglunyň gelýäniniň alamatlary
(Matta 24:1-31; Luka 21:5-28)
1 Isa ybadathananyň howlusyndan çykanda, şägirtleriniň biri Oňa: «Mugallym! Seret, ne ajap daşlar, ne ajap binalar!» diýdi. 2Isa oňa: «Bu beýik binalary görýäňmi? Bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi. 3Soňra Isa ybadathananyň garşysyndaky Zeýtun dagynda otyrka, Petrus, Ýakup, Ýohanna we Andrys dagy ýekelikde Ondan: 4«Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Bu zatlaryň amala aşýandygyny görkezýän nähili alamat bolar?» diýip soradylar. 5Onsoň Isa olara şeýle düşündirmäge başlady: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn! 6Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men – Şolduryn“diýip, ençeme adamlary aldarlar. 7Siz uruş turandygy we uruş baradaky myş-myşlary eşideniňizde gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek soňy däldir. 8Çünki millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar ýüze çykar. Bular burgularyň başlangyjydyr. 9Emma siz özüňizden habardar boluň! Adamlar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Men sebäpli siz hökümdarlaryň, patyşalaryň öňünde durarsyňyz we olara şaýatlyk edersiňiz. 10Hoş Habar ilki bilen ähli milletlere wagyz edilmelidir. 11Sizi tussag edip, kazyýete tabşyranlarynda, näme diýjegiňizi öňünden gaýgy etmäň, şol pursatda size näme berilse, şony gepläň. Çünki gepleýän siz däl-de, Mukaddes Ruhdur. 12Dogan doganyny, ata çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ene-atalaryna garşy çykyp, olary öldürderler. 13Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar. 14 aWeýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň durmaly däl ýerde duranyny göreniňizde, goý, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna dogry düşünsin. 15Üçekdäki adam bir zat almak üçin aşak düşüp, öýe girmesin. 16Ekin meýdanyndakylar donuny almak üçin yzyna gelmesin. 17Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe! 18Siz bu waka gyşda bolmasyn diýip dileg ediň. 19Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, Hudaýyň ýaradan dünýäsiniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam.
Copyright information for
TukLat16