Mark 13:24-31
24Emma şol günlerde muşakgatlyklardan soňra, Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. 25Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler. 26Şonda Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler. 27Şonda Ol perişdeleri ýollap, Öz saýlanlaryny çar tarapdan, ýeriň ujundan tä gögüň ujuna çenli ýygnar.Injir agajyndan alynmaly sapak
(Matta 24:32-35; Luka 21:29-33)
28Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz. 29Şonuň ýaly-da, bu zatlaryň bolýanyny göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaý gelendigini, gapynyň agzyndadygyny biliň. 30Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisi bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. 31Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.
Copyright information for
TukLat16