Mark 13:32-37
Bilinmeýän gün we sagat
(Matta 24:36-44)
32Emma ol güni hem sagady hiç kim bilýän däldir, ne gökdäki perişdeler, ne-de Ogul bilýändir, diňe Ata bilýändir. 33Hüşgär boluň, oýa boluň ▼▼Käbir golýazmalarda doga-dileg ediň diýen sözler hem bar.
! Siz ol wagtyň haçan geljekdigini bilýän dälsiňiz. 34Bu bir uzak ýola çykan adam ýalydyr. Ol öýünden çykyp barýarka, hyzmatkärlerine ygtyýar berer, her haýsyna bir iş tabşyrar. Gapydaky garawula bolsa oýa bolmagy buýrar. 35Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi siz öý eýesiniň agşammy, ýary gijemi, horaz gygyrandamy, gün dogandamy – haçan geljegini bilmeýärsiňiz. 36Ol duýdansyz gelip, ukuda üstüňizi basaýmasyn. 37Size aýdýanlarymy hemmelere-de aýdýaryn: oýa boluň!»
Copyright information for
TukLat16