‏ Mark 13:9-13

9Emma siz özüňizden habardar boluň! Adamlar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Men sebäpli siz hökümdarlaryň, patyşalaryň öňünde durarsyňyz we olara şaýatlyk edersiňiz. 10Hoş Habar ilki bilen ähli milletlere wagyz edilmelidir. 11Sizi tussag edip, kazyýete tabşyranlarynda, näme diýjegiňizi öňünden gaýgy etmäň, şol pursatda size näme berilse, şony gepläň. Çünki gepleýän siz däl-de, Mukaddes Ruhdur. 12Dogan doganyny, ata çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ene-atalaryna garşy çykyp, olary öldürderler. 13Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.
Copyright information for TukLat16