‏ Mark 14:12-26

Isa şägirtleri bilen Pesah baýramyny belleýär

(Matta 26:17-30; Luka 22:7-23; Ýohanna 13:21-30; 1 Korintoslylar 11:23-25)

12Pesah janlysynyň soýulýan güni, ýagny Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtleri Isadan: «Seniň üçin Pesah naharyny nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar. 13Isa şägirtleriniň ikisini ýollap, olara: «Şähere baryň, küýze bilen suw alyp barýan bir adama sataşarsyňyz, şonuň yzyna düşüp gidiň. 14Ol nirä baryp girse, şol öýüň eýesine: „Mugallym senden şägirtlerim bilen Pesah naharyny iýer ýaly, Meniň myhman otagym nirede diýip soraýar“diýiň. 15Ol hem ýokarky gatda düşelgi, taýýar giň bir otagy görkezer. Şol ýerde taýýarlyk görüň» diýdi. 16Şägirtler ýola düşüp, şähere gitdiler we ähli zady Isanyň aýdyşy ýaly tapyp, Pesah naharyny taýýarladylar. 17Agşam Isa Onkiler bilen bile geldi. 18Saçak başynda nahar iýip otyrkalar, Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, sizden biri, Meniň bilen nahar iýip oturan biriňiz Maňa haýynlyk eder» diýdi. 19Olar hem tukatlanyp, yzly-yzyna Ondan: «Men bir dälmi?» diýip soramaga başladylar. 20Isa olara: «Ol Onkilerden biri, Meniň bilen bile okara çörek batyryp oturanyň biri. 21Hawa, Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýdi. 22Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, bu Meniň bedenimdir» diýdi. 23Onsoň şeraply käsäni alyp, şükür edeninden soň, olara berdi, hemmesi ondan içdi. 24Soňra Isa olara: «Bu Meniň köp adamlar üçin dökülýän äht
Äht – käbir golýazmalarda täze Äht.
ganymdyr.
25Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynda täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi. 26Olar Hudaýa öwgi senalaryny aýdanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.
Copyright information for TukLat16