‏ Mark 14:27-31

Isa Petrusyň inkär etjekdigini aýdýar

27 aIsa şägirtlerine: «Siziň hemmäňiz Menden el çekersiňiz, sebäbi „Çopany uraryn, goýunlar dargap gider“diýip ýazylgydyr. 28Emma Men direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn» diýdi. 29Petrus Oňa: «Hemmeler Senden ýüz öwürse-de, men beýle etmerin» diýdi. 30Isa oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn: edil şu gije horaz iki gezek gygyrýança, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi. 31Emma Petrus janygyp: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin» diýdi. Şägirtleriň hemmesi-de şeýle diýdiler.
Copyright information for TukLat16