Mark 14:32-42
Getsemani bagynda
(Matta 26:36-46; Luka 22:39-46)
32Olar Getsemani diýen bir ýere geldiler. Isa şägirtlerine: «Men Hudaýa dileg edip gelýänçäm, siz şu ýerde oturyň» diýdi. 33Isa Petrusy, Ýakuby we Ýohannany ýanyna aldy. Isa ajy hasrat çekip, gaýgylanmaga başlady. 34Olara: «Meniň janym öler ýaly tukat. Siz bu ýerde galyň we oýa boluň» diýdi. 35Isa biraz öňe ýöränden soň, ýere ýüzin düşüp, şu aýylganç pursadyň mümkin bolsa, Özünden sowa geçmegini dileg etdi. 36Ol: «Abba ▼▼Abba – arameýçe bu söz Atam diýmegi aňladýar.
, Atam, Sen hemme zady başarýarsyň. Bu hasrat käsesini Menden sowa geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn» diýdi. 37Isa gaýdyp gelende, şägirtleri uklap ýatan ekenler. Isa Petrusa: «Uklap ýatyrsyňmy? Bir sagat-da oýa bolup bilmediňmi? 38Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi. 39Isa ýene gidip, şol öňki sözleri aýdyp dileg etdi. 40Yzyna gaýdyp gelende, şägirtleri ýene uklap ýatan ekenler, sebäbi olaryň gözleri bürlüp durdy. Olar Oňa näme diýjeklerini bilmediler. 41Isa üçünji gezek gelip, olara: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Boldy, pursat geldi, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär. 42Turuň, gideliň. Anha, Maňa haýynlyk eden golaýlady» diýdi.
Copyright information for
TukLat16